- ESASY HABARLAR, GIŇDIR DÜNÝÄ, GEŇDIR DÜNÝÄ

ITLER ADAMYŇ DILINE GOWY DÜŞÜNÝÄRLER

Ýakynda  Beýik Britaniýanyň Sasseksa uniwersitetiniň alymlary itleriň adamyň diline düşünşini synag arkaly barlap gördüler. Barlagçy Holli Rut-Gatterij dürli görnüşli 42 sany it bilen synag geçirip, olaryň adam diline düşünşini barlap gördi. Olary bir jaýa salyp, partlaýjy enjamy hem gapdalynda işledip goýdular we itler eýesiniň partlaýjy baradaky sözüni uly howsala bilen diňläp, onuň yşygyna gorkuly ýagdaýda seredip oturdylar. Şol wagt nätanyş aýal gelip gürrüňe goşuldy, ýöne itler oňa üns hem bermediler. Alymyň pikiriçe, itleriň ähli görnüşi-de adamyň diline biziň pikir edişimizden gowy düşünýärler.  Aýratyn-da, itler eýesiniň diline gaty gowy düşünýärler we ony ünsli diňläp, onuň buýrugyny ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Türkmeniň alabaý iti barada aýdanda bolsa, ol hormatly Prezidentimiziň öz kitabynda ýazyşy ýaly dünýäde iň bir akylly, düşbi, eýesine wepaly jandardyr.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

                                 Taýýarlan Allaýar ORAZOW.