JEMGYÝET

Italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy: «Uly jogapkärçilik bilen işledik»

Italiýanyň «Adipson S.R.L» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýowanka Laýtfut kompaniýanyň hünärmenleriniň Türkmenabat şäherinde gurlan Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasyny enjamlaşdyrmak işine örän uly jogapkärçilik bilen çemeleşendiklerini gürrüň berdi.

― Belent ynamy ödemek we täze kärhananyň netijeli önümçiligi üçin döwrüň iň ösen talaplaryna laýyk enjamlary ornaşdyrmaga aýratyn üns berdik ― diýip, ol «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

Glisirrizin turşusynyň önümçiligi üçin Italiýanyň, Germaniýanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kuwwatly tehnologiýalaryndan peýdalanyldy. Olar gaýtadan işlenilmäge degişli buýan köküni 0,4 millimetre çenli ownuklykda owratmaga, ony ergin görnüşine getirmäge, ekstraktdan çökündi almaga, taýýar önümi guratmaga we elekden geçirmäge mümkinçilik berýär. Mahlasy, kärhanada ornaşdyrylan enjamlar her ýylda 4,5 müň tonna buýan köküni gaýtadan işläp, ondan gymmatly dermanlyk serişdesini almaga şert döreder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: