MEDENIÝET

Italmaz Nuryýewiň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli edebiýat agşamy geçirildi

 Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde «Şahyr kalbynyň owazy» atly edebiýat agşamy geçirildi. Ony Lebap welaýat kitaphanasy gurady. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Italmaz Nuryýewiň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli guralan çärä döredijilik işgärleri, kitaphanaçylar, şäherdäki orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

Agşamda edebiýat meýdanynda giň meşhurlyk gazanan şahyryň ömri we döredijiligi, onuň edebi eserleriniň ýaş nesli watansöýüjilik, millilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Ýazyjynyň eserlerinde türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň şöhlelendirilýändigi barada durlup geçildi. Şonuň ýaly-da, agşamda okuwçylar şahyryň eserlerinden parçalary labyzly okap berdiler.

Şeýle hem, bu ýerde Italmaz Nuryýewiň kitaplarynyň sergisi guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: