2006-njy ýylyň dünýä çempiony Jennaro Gattuso Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Milli ýygyndynyň metbugat gullugy bu barada habar berdi.
Mundan ozal, Lýusiano Spallettiniň 2023-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýän Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekilýändigini habar berlipdi.
Gattuso 47 ýaşynda,ol mundan ozal Horwatiýanyň “Haýduk” toparyna tälim boldy. Ondan ozal Italiýanyň “Palermo”, “Pisa”, “Milan”, “Napoli”, Şweýsariýanyň “Sion”, Gresiýanyň OFI, Ispaniýanyň “Walensiýa” we Fransiýa “Marsel” toparlaryna tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Napoli” topary 2020-nji ýylda Italiýa kubogyny gazanypdy.
Gattuso 1999-njy ýyldan 2012-nji ýyla çenli “Milanda” oýnady, topar üçin 468 duşuşykda çykyş etdi, 11 pökgi geçirip, 19 asist etdi. Italiýanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde Gattuso 2006-njy ýylda Germaniýada geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolup, milli ýygyndy üçin 73 oýun oýnady we 1 pökgi geçirdi.
Italiýanyň futbol ýygyndysy baş tälimçilige ozalky ýyldyzyny getirdi

17
Jun