DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Italiýada şäherlerdäki dyknyşyklaryň soňuna çykjak ulag öndürildi

Italýan dizaýneri Andrea Moçelliniň «Dexet Technologies» kompaniýasy bilen bilelikde hödürlän taslamasy köpleriň ünsüni özüne çekdi. Şäher içinde hereket etmäge niýetlenilen bir orunlyk elektro ulaglary döretmegiň esasy maksady ýollarda döreýän dykyny azaltmakdan ugur alýar.

«Zigy» diýlip atlandyryljak bu ulaglaryň esasy aýratynlygy olaryň göwrüminiň kiçiligindedir. Uzynlygy 195, ini 110, beýikligi 160 santimetre barabar bolan bu ulaglaryň öwrüm radiusy 7 metr bolar.

Mikroulag sagatda 77 kilometr tizlik bilen hereket eder. Onuň doly kuwwatlandyrylan batareýalary 160 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: