DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Italiýada bäbek sesi seýrekleýär

COVID-19 pandemiýasy Italiýada ilat sanynyň azalmagyna, ýagny bäbekleriň az dünýä inmegine täsir eder diýlip çaklanylýar. Ýurduň Milli statistika instituty geçen ýylyň ilkinji alty aýy bilen deňeşdirilende, bu ýyl bäbekleriň az doglandygyny habar berdi.

«Adamzat pandemiýany ýeňse-de onuň täsirinden uzak ýyllaryň dowamynda çykyp bilmez» diýlip, institutyň bu baradaky beýanatynda aýdylýar. Çagalaryň ozalkysyndan az dogulmagynyň esasy sebäbi bolsa ata-eneleriň emele gelen çylşyrymly ykdysady ýagdaýlardan ýaýdanýanlygydyr.

Has takygy, şu ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwründen 10 müň çaga az doguldy. Şeýlelikde, alty aýda täze doglan bäbekleriň 426 müňüsi hasaba alyndy. 2021-nji ýylda alty aýlyk artyşyň 396 müňe çenli peselmegine garaşylýar.

Ýurtda geçen ýylyň birinji ýarymynda doglan 435 müň bäbegiň eneleriniň 20 göterimi daşary ýurt raýatlarydyr. Özbaşdak döwlet hökmünde 1861-nji ýyldan bäri ýaşap gelýän Italiýanyň taryhynda soňky 10 ýylyň içinde bu ýagdaý has-da ünsi özüne çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: