DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ispaniýadaky «üçler» Amerikada birleşer

Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparynyň brazil hüjümçisi Neýmaryň mundan soňra futbol karýerasyny Amerikada dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Ol özüniň ozalky topar ýoldaşlary bolan Messi, Suares, Buskets we Albanyň çykyş edýän “Inter Maýami” toparynda oýnamagy göz öňünde tutýar. Neýmaryň saud topary bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar.
Neýmaryň gitjek toparynyň tälimçisi Hawýer Maskerano hem onuň topar
ýoldaşydyr. Neýmar saud toparyna 2023-nji ýylyň awgustynda geçipdi. Gelen badyna birnäçe duşuşykdan soňra sikeş alyp 1 ýyl dagy ýaşyl meýdançadan uzak boldy.
32 ýaşyndaky Neýmar 2017-nji ýylda Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan
Fransiýanyň “PSŽ” toparyna 222 million ýewro geçipdi. Şeýlelikde, Neýmar häzirki wagtda dünýä futbolynyň iň gymmat satyn alnan futbolçysy hasaplanýar. Onuň futbol durmuşyndaky ilkinji topary Braziliýanyň “Santos” toparydyr. OlттBraziliýanyň ýygyndysynda 128 duşuşykda oýnap, 79 gol geçirdi we iň köp gol geçiren brazildir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: