BIZE YAZYARLAR

Işler barha ilerleýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda ýerli telekeçilerimiz has-da yhlaslylyk görkezýärler. Olar öz öndürýän ter miwe we gök-bakja önümleri bilen ýylyň ähli paslynda bazarlaryň tekjelerini doldurýarlar, saçaklary bezeýärler.

  Şeýle telekeçileriň hatarynda Kerki şäheriniň günorta-gündogar tarapynda çöl etekde ýerleşýän telekeçi Batyr Rozyýew hem özüniň 4 gektarlyk döwrebap ýyladyşhanasynda pomidoryň bol hasylyny ýetişdirýär. Ýyladyşhana geçen ýylyň ortasynda işe başlap, onda Gollandiýanyň “Rejkzwan” firmasynyň “Epwell” tohumyndan ýetişdirilen şitlleriň 92500 düýbi bilen oturdylypdyr. Ýerli we mineral dökünler gurplandyrylypdyr. Gije-gündizleýin idegi ýetirilipdir. Netijede pomidoryň boldumly hasyly kemala gelipdir. Onuň ilkinji ýetişen hasyly Täze ýyl baýramçylygynyň önüsyrasynda etrabyň bazarlarynda satuwa çykarylypdyr. Biýaralardaky düzüm-düzüm bolup, sallanyşyp duran gyp-gyzyl pomidorlar göreniň gözüni dokundyrýar. Ýyladyşhanada Türkiýede öndürilen kämil enjamlar oturdylyp, işleriň köpüsi awtomatik usulda ýerine ýetirilýär.

Ekinleri tozanlandyrmak üçin ýörite daşary ýurtdan getirilen 64 sany gutujykdaky ary maşgalalarynyň işjeň hereketleri netijesinde ekinleriň 25-30 göterim ýokary hasyllanmagy gazanylyp, öndürilýän önümiň hiliniň oňat bolmagy, pomidor nahallaryna gowy garaşyk edilmegi, hasyly ýygnamakda ähli düzgünleriň talaba laýyk berjaý edilmegi hasylyň bol bolmagyna we işleriň ilerlemegine goltgy berýär. Ýyladyşhanada häzirki wagtda günde 3,5-4 tonna pomidor ýygnalyp, ýerlere ugradylýar. Bu ýerde 20-ä golaý işçi zähmet çekip, olaryň köpüsi ýaşlar. Hünärmenler eýýäm işiň abyny-tabyny ele alypdyrlar. Şeýle hünärmenleriň dyngysyz zähmeti netijesinde ýyladyşhanada pomidoryň bol hasyly ýetişdirilip, Gazagystan döwletine hem eksporta önüm ugradylyp başlanypdyr.

Mundan başga-da, ýyladyşhananyň gapdalynda 7-gektar ýeri özleşdirip, alma baglygy döredilipdir. Bu bolsa ýyladyşhananyň işiniň gelejekde geriminiň giňelip, has-da kämilleşjekdiginden habar berip, bol hasyl almakda işler barha ilerleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: