Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Saglygyňy berkitmekde peýdaly hereketler beden maşklary, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek ýaly usullary öz içine alýar. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň immun ulgamyny (kesellere garşy göreşijilik ukybyny) berkidýär. Ýokarda agzalan dürli görnüşdäki hereketleriň hersiniň saglyk üçin aýratyn ähmiýeti bar.
Tigir sürmek dem alyş agzalarynyň işini, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar hem- de aýak myşsalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar.
Pyýada ýöremek beden we ruhy sagdynlyk üçin iň peýdaly maşk bolup, kaloriýanyň yzygiderli harçlanmagyna ýardam edýär. Ýöreýşiň depginini özüňi duýşuňa laýyklykda saýlamaly. Islendik hereketi 5 minutlap arkaýyn ýöremekden başlamaly. Bu giriş maşky myşsalary oýarýar. Bedeni gündelik işjeňlige taýýarlaýar. Ýolda gidip barýarkaň dem alşyňy ädimiň depgini bilen utgaşdyrmaga çalyşmaly. Ýöräniňde dyzyňy dartgynly ýagdaýda saklamaly däl. Aýaklaryňa agramyň deň düşmegini gazanmaly. Garyn myşsalary ýeňilräk dartgynlaşan ýagdaýda bolmaly.
Ylgamak — saglyk üçin iň ýörgünli we peýdaly maşklaryň biri. Şunda haýal we çalt ylgawyň utgaşdyrylmagy ýürek üçin peýdalydyr. Adam ylgaw bilen yzygiderli meşgullansa, onuň ýürek, gan-damar, dem alyş, nerw we beýleki agzalary sazlaşykly işleýär. Haýal ylgaw beýniniň işini gowulandyrýar, ýadawlygy aýyrýar.
Her bir adam sportuň özüne laýyk gelýän görnüşini saýlap alyp, onuň bilen saglygyna peýdaly hem göwnüne ýaramly derejede meşgullanyp biler. Eger-de adam beden taýdan taplansa, türgenleşiklere uýgunlaşan bolsa, onda, il arasynda aýdylyşy ýaly, saglygyna saglyk goşar.
Suwda ýüzmek, suw gimnastikasy hem hereketliligiň naýbaşydyr. Adamyň işe ukyplylygyny, şähdaçyklygyny, syratlylygyny taplaýan fiziki hereketler sagdynlygyň özenidir.
Fiziki maşklary ýerine ýetirmek ýaly endikler bedeniň, aýratyn hem el we aýak çiginleriniň tiz berkemegine kömek edýär. Dogry dem almaga, beden ukybynyň başarjaňlygyna görä hereket etmegi öwredýär. Mundan başga-da, saglygy berkitmekde ýürek-damar, dem alyş, gan aýlanyş ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrmakda we berkitmekde peýdalydyr. Bedeniň fiziki taýdan taýýarlygyny üpjün edýän hereketleri ýerine ýetirmegiň ähmiýeti uludyr. Fiziki maşklar bedene diňe bir syrdamlylyk bermek bilen çäklenmän, işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, saglygyňy-da berkidýär. Dem alyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Şeýle-de bedeniň çeýeligini, el-aýak
myşsalarynyň işjeňligini artdyrýar.
Muhabat ÝAŇYBAÝEWA,
Lebap welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň lukmany.
