TÜRKMENISTAN HABARLARY

Iş üpjünçiligi bilen bagly onlaýn hyzmatlar açylýar

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi resmi web sahypasy (mlsp.gov.tm) arkaly giňişleýin sanly hyzmatlaryň ýola goýulandygyny habar berdi.
Ministrligiň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde portalda ulanyjylar üçin aşakdaky mümkinçilikler
bar:
— kärhanalar we guramalar üçin şahsy hasap açmak
— hususy iş berijiler üçin hyzmatlardan peýdalanmak
— iş gözleýänler üçin onlaýn hyzmatlar
— hasabatlary elektron görnüşinde bermek
— zähmet we iş üpjünçiligi edaralary bilen özara gatnaşyk
— döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen bagly tölegleri onlaýn tölemek

Ähli gyzyklanýan raýatlar we guramalar görkezilen telefon belgileri arkaly sanly hyzmatlar bilen işlemek barada maslahat alyp bilerler: 39-48-50, 39-48-33.