TÜRKMENISTAN HABARLARY

Iş maslahaty: Lebapda möwsümleýin işler talabalaýyk dowam edýär

Lebap welaýatynda galla oragy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bular barada welaýatyň häkimi Maksat Annanepesow duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwunytutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlykýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen  meýdanlarda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Welaýatda şalyekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehniki çäreler ýerine
ýetirilýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatda galla oragynyň depginini güýçlendirmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek, şunda oba
hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezident welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.