TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Iran Hodro» kompaniýasy Türkmenistana öz önümlerini eksport etmäge taýýar

Eýranyň iň iri awtomobil gurluşyk şereketi bolan «Iran Hodro Industrial Group» şereketiniň baş müdiri Farşad Mogimi türkmen bazaryna ýangyjy dürli-dürli bolan (benzin we gaz) awtoulaglary eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Ol bu barada Türkmenistanyň awtoulag gullugynyň («Türkmenawtoulaglarynyň») başlygy Guwançmyrat Akmämmedow bilen Tährandaky duşuşygynda aýtdy.

Türkmenistanyň Awtoulag gullugynyň başlygy we oňa gatnaşýan wekiliýetiň «Iran Hodro Industrial Group»-yň önümçilik liniýasynda bolup, «Atros» awtobusyny, ýük maşynyny, «Tara», «Dena Plus», «Soren Plus», aýna üçekli «Rana Plus» we «Arisan» hem furgonlary synladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: