«iPhone14» edinmek üçin iň soňky mümkinçilikler, çünki…
«Apple» kompaniýasy Ýewropada iPhone 14, iPhone 14 Plus we iPhone SE smartfonlaryny satmagyny bes eder. Bu enjamlar 28-nji dekabra çenli online kataloglardan we kompaniýanyň dükanlaryndan aýrylar, emma awtorlaşdyrlan telekeçiler bu enjamlary satmagy dowam ederler.
Apple kompaniýasy şeýle karara gelmeginiň sebäbi Ýewropa Bileleşigi
tarapyndan kabul edilen düzgünlere laýyklykda, ähli täze smartfonlar USB-C kabeli bilen ýüklenmeli, emma agzalan üç model Apple kompaniýasynyň Lightning girişli soňky modelleri bolup durýar. Eger Apple kompaniýasy USB-C ulgamyna has ir geçen bolsa, bu enjamlaryň Ýewropada satylmagyna hiç hili böwet bolmazdy. Şol sebäpden, iPhone 14, iPhone 14 Plus we iPhone SE modelleri Şweýsariýada satylmaz. Şwesariýada bu modeller hatda 20-nji dekabrdan hem öň satuwdan aýyrylar.
Apple kompaniýasy Lightning girişi bolan beýleki enjamlary hem satuwdan aýyrar. Muňa mysal edip, Touch ID-ysyz Magic Keyboard klawiaturasyny mysal almak bolar. Beýik Britaniýa 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginden çykan hem bolsa, Apple kompaniýasy Lightning girişi bolan önümleriniň satuwyny, Demirgazyk Irlandiýadan hem aýyrar.