JEMGYÝET

Internet ulgamyndan peýdalanýanlaryň sany artýar

Şu ýylyň dowamynda Saýat etrabynda ýene-de 830 hojalyk internet ulgamyndan peýdalanyp başlady.
Bu göz öňünde tutulanyndan ep-esli köpdür. Wi-Fi-niň üsti bilen ondan her hojalykda ortaça dört adam peýdalanýar diýsek, internet ulgamyndan peýdalanýanlaryň sanynyň 3320 adam artandygynyň şaýady bolarys.
Saýat etrap aragatnaşyk bölüminde ilata elektrik aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlaryny etmekde maksada laýyk işleri alyp barýarlar. Diňe geçen ýylyň dowamynda 1250 maşgala üçin internet ulgamy elýeter boldy. Bu ýylyň başynda meýilleşdirileninden üç essä ýakyn köpdür.
Etrapda oturdylan telefon nokatlarynyň sany bolsa on müňden geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply