DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

“Inter” eýranly merkezi hüjümçi bilen çynlakaý gyzyklanýar

 “Portu” hüjümçisi Mehdi Taremi gyşky transfer penjiresinde “Intere” geçmegi mümkin.

 Geçen tomus eýranly futbolçy “Milana” geçip bilerdi, emma şertnama başa barmady. Indi 31 ýaşly hüjümçi “Milanyň” başga bir klubuna geçip biler: Fabrisio Romanonyň pikiriçe, “Inter” Taremini ele almaga ýakynlaşdy.  “Neradzurrileriň” geňeşi şertnama çynlakaý seredýär. Sebäbi olar ýanwar aýynda toparyň hüjümini güýçlendirmek isleýärler.

  Gürrüňlere görä, “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid” we “Milan” hem Mehdi Taremi bilen gyzyklanýar. Hüjümçiniň “Portu” bilen şertnamasy 2024-nji ýylyň iýun aýynda gutarýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: