Intellektual eýeçiligi we döwrebap tehnologiýalary ösdürmegiň esasy ugurlary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ýagny hojalyk işini täze çygyrlara çykarmak maksady bilen uly tagallalar edilýär. Ýurt Baştutanymyzyň çykyşlarynda oýlap tapyşlary we beýleki ylmy-tehniki gazananlary peýdalanmagyň möhüm ähmiýeti, ylmyň önümçilik bilen ýakyndan arabaglanşygyny ýola goýmagyň zerurlygy barada yzygiderli nygtalýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşlarynda intellektual eýeçiligiň desgalarynyň goralmagyna gönükdirilen işleriň esasynda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny, bu pudagyň ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynyň we bu ugurda döwlet syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belleýär.
Ýurdumyzda soňky ýyllarda intellektual eýeçilik bilen bagly gatnaşyklar, ykdysady taýdan ösen beýleki daşary ýurt döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da bazar gatnaşyklarynyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmek bilen, häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, internet torunyň, ýokary kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen has-da kämilleşdi we giň gerime eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, intellektual eýeçiligiň nazary-hukuk esaslarynyň öwrenilmegini hem-de bu jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň nazary esaslarynyň işlenip düzülmegini, häzirki döwürde milli hukuk ylmynyň möhüm meseleleriniň biri hökmünde kesgitlemek bolar.
Hukuk ulgamynyň bir görnüşi bolmak bilen, intellektual eýeçilik bazar gatnaşyklary ulgamynda fiziki we ýuridik şahslaryň öndürýän harytlarynyň we hyzmatlarynyň hukuk taýdan goralmagynda, şeýle hem telekeçilik işiniň, telekeçilik we alyjylyk medeniýetiniň ösmeginde möhüm orny eýeleýän, şonuň ýaly-da harytlaryň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagynda hem işjeň täsirini açyp görkezýän jemgyýetçilik hadysasydyr.
Islendik jemgyýetiň ösmegi hukuk döwleti, jemgyýetde kanunyň agalyk etmegi bilen aýrylmaz baglydygyny hasaba almak bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri Türkmenistanyň hukuk döwletidigini subut edýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Häzirki zaman ykdysady we hukuk ylmy edebiýatlarynda, şeýle hem käbir döwletleriň intellektual eýeçilik hukugy çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde ylmy, edebi we sungat eserlerini döretmek, peýdalanmak, fonogrammalary, wideogrammalary ýaýlyma goýberiji edaralaryň gepleşiklerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe Türkmenistanyň Kanunlary tassyklandy. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ulgamdaky kanunçylygy halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek, kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär.
Ýurdumyzy uzak möhletleýin ösdürmegiň esasy strategiýasy bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” intellektual eýeçiligi we döwrebap tehnologiýalary ösdürmegiň esasy ugurlary babatynda wajyp wezipeler kesgitlenilýär. Olara milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, institusional özgertmeleri, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmak, bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, bilimlere, innowasiýalara we ösen jemgyýete daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaýyn ösüşini dowam etdirmek, ýurduň sebitleriniň innowasion-industrial we durnukly ösüşini gazanmak, sebitleriň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, «ýaşyl ykdysadyýeti» höweslendirmek, adam maýasyny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak degişlidir.
Ýokary ylym sygymly senagat we innowasiýa pudagyny ösdürmegiň zerurlyklary, ileri tutulýan ugurlar hökmünde pudaklar üçin ýokary hünärli inžener we tehniki işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek, gözleg we ösüş işleri üçin döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň düýpgöter giňeldilmegi bilen bagly wezipeler öňe sürülýär. Innowasiýa infrastrukturasy döredilip, maglumat merkezleriniň, işewürlik inkubatorlarynyň, tehnologiýa parklarynyň, ylym şäherleriniň ulgamlary kämilleşdiriler. Şeýle hem senagatlaşmanyň has-da işjeňleşmegi bilen elektron senagat ulgamynyň ösüşine we wodorod energetikasynyň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine aýratyn üns berler. Elektron senagat ulgamynda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ylmy-barlag merkezlerini we täze önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Milli ýaşyl ykdysadyýet gurulýan mahalynda serişde taýdan netijeliligiň düýpgöter täze modeline galyndysyz ykdysadyýete geçmegiň uzak möhletli strategiýasyndan ugur alynýar. Şunda galyndysyz ykdysadyýete geçmeklik köp taraply çemeleşmäni göz öňünde tutýar: bu innowasion tehnologiýalary, işewürligiň täze görnüşlerini, şeýle hem jemgyýetiň galyndysyz ykdysadyýetiň ýörelgelerine laýyk gelýän işewürlik-özara hereketiň täze ýörelgelerini döretmäge taýýarlygyny öz içine alýar. Bularyň ählisi milli ykdysadyýetiň, ilkinji nobatda intellektual zähmeti hem ylymyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna daýanýan gaýtadan işleýän pudaklaryň tehnikitehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyrylmagynyň hem pajarlap ösmeginiň baş şertine öwrülýär.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Hudaýgulyýewa Altyn