JEMGYÝET

«Instagram» -a derek — «Россграм»

Russiýada «Instagram»-a meňzeş «Россграм»-y goýbererler. Bu barada maglumat taslamanyň saýtynda peýda bolsy, diýip, «Российская газета» ýazýar.

«2022-nji ýylyň 28-nji martynda öň endik bolan funkisiýalary we «Android» we «iOS» üçin mobil goşundylary bilen «Инстаграм»-yň rus analogy goýberiler. «Россграм»-da ulanyjylaryň pul geçirmekleri üçin goşmaça instrumentler hem bolar. Bu — kontente tölegli girmek, serişde toplamagyň funksiýasy (kraudfsnding), referal programmasy we başgalardyr. Ilki başda ol top-blogerler we hyzmatdaşlar (hemaýtkärler we inwestorlar) üçin elýeter bolar» diýlip, saýtda ýazylar.

Sosiýal setiň adaty ulanyjylar üçin 2022-nji ýylyň aprelinden başlap elýeter boljakdygy barada hem ýazylýar. Sosial seti dörediji «ВКонтакте» we «Telegram»-y esaslandyjy Pawel Durowyň kursdaşy Aleksandr Zobowdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: