BILIM

Innowasion tehnologiýalaryň bilimde orny ara alnyp maslahatlaşyldy

Çärjew etrabynda mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilen okuw-usulyýet maslahatynda häzirki döwrüň bilim strategiýasy, täze usullary ornaşdyrmak meseleleri, sapaklaryň gyzykly we täsirli bolmagy üçin kompýuter tehnologiýalarynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Maslahata
gatnaşyjy mugallymlar internet ulgamynyň we täze tehnologiýalaryň okuw sapaklarynda ulanylmagynyň netijeliligi artdyrýandygyny nygtadylar.
Şeýle-de maslahatyň dowamynda innowasion tehnologiýalaryň bilim-terbiýe ulgamyna ornaşdyrylmagynyň usullary boýunça tejribeler paýlaşyldy.