Innowasion ösüşleriň sazlaşykly ulgamynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 ― 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” sazlaşykly durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýat döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdsadyýetiniň ähli pudaklaryny innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmak babatynda düýpli işler alnyp barylýar. Innowasion ösüş diňe bir senagat pudaklaryny öz içine alman, eýsem, ol agrosenagat toplumyny, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, gurluşygy, söwda we durmuş hyzmatlar ulgamyny hem gurşap alýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň netijesinde gazanylýan üstünlikler Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň, her bir pudakda gurlup, ulanmaga berilýän innowasion häsiýetli kärhanalaryň ýurdumyzyň geljekgi ösüşlerine aýratyn öwüşgün berýändigini, Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösüşi bilen sazlaşykly aragatnaşyk saklaýandygyny bellemek örän ýerliklidir. Dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy milli ykdysadyýetleriň öňünde ösüşiň amatly nusgalaryny gözlemek we has netijeli ýollaryny ornaşdyrmak meseleleriniň wajyplygyny artdyrdy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady strategiýasynda diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak we sanlaşdyrmak syýasatyna aýratyn ähmiýet berilýär, ilkinji nobatda, ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerde içki mümkinçilikleri ulanmagymyzyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak wezipelernden ugur alynýar. Bu bolsa milli ykdysadyýeti amatsyz daşary täsirlere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ykdysady ösüşiň täze hiliniň gazanylmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen önümçiligiň ähli görnüşleriniň taýýar önümi çykarmak ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşiň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam maýasyna kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Hususan-da, ýurdumyzyň innowasiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýete geçmegi adam maýasynyň möçberiniň çalt artdyrylmagyna ýokary talaplary bildirýar. Adam maýasyna bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilmeginde bilim, esasan hem, hünär bilimi möhüm orny eýeleýär.
2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, onuň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” tassyklamak hakynda” Karar kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň häzirki döwürde hereket edýän kanunlara laýyklykda taýýarlanandygyny bellemek zerurdyr. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmekden sanly serişdeleri giňden ulanyp, berilýän bilimiň mazmunyny, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň durmuşa geçirilmeginde hünärmenler bilen üpjünçilik meselesine aýratyn orun berilýär. Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça okadylmagy we maglumat- aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna degişli edaralaryň hünärmenleri bilen birlikde maglumat tehnologiýalaryndan baş alyp çykýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça mekdebimizde alnyp barylýan işler bellärliklidir. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde sanly bilim ulgamyna geçmekde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bilimleri ýokarlandyrmak maksady bilen “Kompýuter sowatlylygy” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlar ýola goýuldy. Gysga möhletli okuwlaryň geçirilýän otaglarynda kompýuterleriň ýeterlik derejede bolmagy tejribe okuwlarynyň talaba laýyk geçirilmegine mümkinçilikleri döredýär. Mekdebimizde okadylýan gysga möhletli okuwlara isleg bildirýänleriň sany gün-günden artýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemegiň ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna, millilige hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny, şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredip berýänligi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun !
Nigara Amanowa,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.