Iňlis türgen Afrikany ylgap geçdi
Beýik britaniýaly 27 ýaşly Rass Kuk dünýäde ilkinji bolup tutuş Afrika yklymyny ylgap geçdi.
Ol 352 gün dowam eden bu syýahatynda 16 müň kilometr aralygy külterledi.
Iňlis ýeňil atletikaçysy syýahatyny geçen ýylyň 22-nji aprelinde Afrikanyň iň günorta nokady bolan Günorta Afrika Respublikasyndan başlap, şu ýylyň 7-nji aprelinde Tunisde tamamlady.
Rass Kuk ylgawyny 240 günde tamamlamagy meýilleşdiripdi. Emma ýolda dörän duýdansyz ýagdaýlar bellenilen wagtyň uzalmagyna sebäp boldy.
Ol syýahatynyň dowamynda 16 ýurtda bolup, jeňňelliklerden, çöl-beýewanlardan geçmeli boldy. Türgene ýolugra dürli hemaýatkärler howandarlyk etdiler.
Rass Kuk mundan ozal Stambuldan Wortinge çenli 3 müň kilometr aralygy 68 günde ylgap geçipdi.