JEMGYÝET

Iňlis konsuly hytaýly gyzy halas etdi

Britaniýaly konsul Stiwen Ellison Hytaýyň Çžunşan şäherinde gark bolup barýan 24 ýaşly talyp gyzy halas etdi ― diýip, «style.rbc.ru» ýazýar.
Sosial ulgamlarda paýlaşylan görnüşlerde talyp gyzyň suwa gaçyşy, onuň essiniň aýylyşy görünýär. Hatda bu ýagdaýy görüp, bir çäre gözlemegiň ýerine ony surata düşürýän adamlaryň gykylygy hem eşidilýär.
Bu ahwalaty gören 61 ýaşly konsul pikirlenmän özüni suwa oklady we kynlyk bilen bolsa-da, talyp gyzy halas etdi.
«Biziň ählimiz Çunsindäki baş konsulymyza guwanýarys» diýlip, Beýik Britaniýanyň Pekindäki ilçihanasynyň «Twitter» sahypasynda aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply