BILIM

Iňlis dilinde taýýarlanylan wideogörnüşleriň bäsleşigi geçirildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymguly and the present day» atly iňlis dilinde wideogörnüşleri taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Uly gyzyklanma eýe bolan bäsleşikde ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden gelen wideogörnüşleriň 45-si kabul edilip, olaryň arasyndan iň gowulary ýeňijiler diýlip yglan edildi. Ýeňijiler saýlanyp alnanda, esasan, işiň Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini we onuň öwrenilişini içgin açyp görkezişine üns berildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça 17 talybyň işi saýlanyp alnyp, olar birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp görüldi. Şol işleriň üçüsi ― Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Awetisýan Lewonyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden gatnaşan Bekmyrat Bekjäýewiň we ýaryşy guraýjy baýry ýokary okuw mekdebiň talyby Güljennet Hydyrowanyň işleri birinji orna mynasyp boldy.

Şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bäsleşikde ikinji orunlaryň ikisine, üçünji orunlaryň bolsa üçüsine mynasyp boldular. Bäsleşikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetlerinden,  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika, Türkmen döwlet medeniýet, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar we Türkmen oba hojalyk institutlaryndan gatnaşan talyplaryň işleri hem öňdäki orunlary gazandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: