BIZE YAZYARLAR

Iňlis dili-dünýä dili

Iňlis dili dünýäde 53 döwletde resmi dil hökmünde hasaba alnandyr we döwletleriň ene dili bolup peýdalanylýar. Iňlis dili hem beýleki şiwe dillerde bolşy ýaly dürli ýurtlarda dürli hili sözler bilen beýan edilýär. Iňlis diliniň iň aňsat öwrenilýän bölegi beýik Britanýanyň günorta bölekleridir. Kanadada köpçülikleýin peýdalanylýan iňlis dili öwrenmekliginiň ikinji ýerinde durýar. Iňlis dilini öwrenmek isleýänlere Angliýada ýada Kanadada öwrenmeklik maslahat berilýär.
Dünýä ýüzünde 1.5-1.8 mlrd adam tarapyndan peýdalanylýan iňlis dili halkara gatnaşyklarynda, iş dolandyrmakda, tehnologiýada, dünýä medenýetinde orta dil diýlip hasaba alnandyr. Biziň eramyzyň 5-nji ýüz ýyllygynda Britaniýa göçüp gelen “Anglosaksonlaryň” döreden dili hasap edilýän Iňlis diliniň düýbi Nemes dilinden gelip çykýar. Aslynyň nemes dilinden gelip çykýandygyna seretmezden Iňlis dili dünýäde Nemes, Fransuz, Latyn dillerinden köp ýaýrowy eýeländir. 170 000 -den gowrak sözden emele gelen bu dil häzirki wagtda-da baýlaşmagyny dowam edýär. Dünýä ýüzünde halkara söwdanyň, internediň, ylym-bilimiň, dünýä medenýetiniň peýdalanýan dili bolan Iňlis diliniň baýlaşmagyna Uilýam Şekspir hem uly goşant goşandyr. Iňlis dilini söýüjileriň aýtmagyna görä bary-ýogy 1000 sözi bilmek bu dilde gepleşip bilmäge ýeterlidir. Şonuň üçin hem iň aňsat dil hökmünde dünýäde köpçülikleýin peýdalanylýar. 1500 ýyl öň Angliýany guran German taýpalary tarapyndan döedilen bu dil häzirki döwrün esasy guralyna öwrüldi diýsek ýalňyşmarys.

Badamgül DURDYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky
6-njy orta mekdebiň Iňlis dili mugallymy.