BILIM

Iňlis dili boýunça lebaply okuwçylar döwlet tapgyrynda üstünlik gazandy

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda iňlis dili boýunça lebaply okuwçylar üstünlik gazandy.
11-nji synp boýunça Çärjew etrabynyň 31-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Medine Berekeýewa döwlet tapgyrynda üçünji orny eýeledi. 12-nji synp boýunça Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Mähri Baýramowa döwlet tapgyrynda ikinji orny eýeledi. Şeýle hem Çärjew etrabynyň 31-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Leýli Berekeýewa we Kerki etrabynyň 37-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Gurbangeldi Kakajanow döwlet tapgyrynda üçünji orunlary gazandy.