Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Ingenuity» mars dikuçary täze surat iberdi

Jun 11, 2021

«NASA»-nyň marsdaky dikuçary üstünlik gazanýar. Ol eýýäm Gyzyl saýýarda ýedi gezek üstünliki uçuş geçirdi, diýip «mail.ru» habar berýär.
Soňky gezek dikuçar «Marsyň aerodromy» diýen at alan täze meýdana düşdi. Ozal bu ýer Marsyň orbital apparatyndan görünýärdi.
Bir minutdan sähel köp wagta çeken uçuş döwründe dikuçar 106 metr aralygy geçdi. Uçup barýarka, ol ak-gara görnüşde surat aldy. Onda mehaniki tomzagy ýatladýan sudur görünýär.