BILIM

Informatika boýunça lebaply okuwçylar döwlet tapgyrynda öňe saýlandy

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda informatika dersi boýunça lebaply okuwçylar üstünlikli çykyş etdiler.
11-nji synp boýunça Köýtendag etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ahmet Şadyýew döwlet tapgyrynda ikinji orny eýeledi. Şeýle hem Çärjew etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Maksat Mekanjanow, Köýtendag etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýnura Rustamowa we Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Batyr Umbarow döwlet tapgyrynda üçünji orunlary eýelediler. 12-nji synp boýunça Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Eziz Agamyradow hem-de Türkmenabat şäheriniň 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Ýazmyrat Şemsetdinow döwlet tapgyrynda birinji orunlary eýelediler. Şeýle hem Halaç etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mukam Nurýagdyýew we Dänew etrabynyň 19-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Aýlar Rustemowa döwlet tapgyrynda ikinji orunlary, Çärjew etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Hudaýkuly Hallyýew döwlet tapgyrynda üçünji orny gazandy.