TÜRKMENISTAN HABARLARY

Indiki okuw ýylynda Türkmenistanda mekdep okuwçylary kompýuter sowgat alarlar

«Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Karary bilen Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 161 müň 739 sany kompýuteri satyn almak, 2021-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.
Birinji synpa barýan okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat gowşurylýar. Dowam edýän okuw ýylynyň başynda Lebap welaýatynda birinji synpa 31 müň gowrak okuwçy geldi. Olary ählisine hem Türkmenistanda öndürilen kompýuterler gowşuryldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply