JEMGYÝET

Indiki aýdan «Kerki ― Daşoguz ― Kerki» aralygyndaky gatnaw ýatyrylar

1-nji aprelden başlap, «Kerki ― Daşoguz ― Kerki» aralygyndaky howa gatnawy ýatyrylar. Bu iki şäheriň arasyndaky gatnawlar islegiň azdygy bilen düşündirilýär.

Şonuň ýaly-da, «Aşgabat ― Kerki ― Aşgabat» aralygyndaky uçuşlarda hem käbir özgertmeler girizildi. Häzirki wagtda paýtagtdan Kerki şäherine hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri 10:00-da, şenbe güni bolsa 09:50-de uçuş amala aşyrylýar. Duşenbe, anna we ýekşenbe günlerindäki uçuşlaryň wagty 1-nji aprelden soň hem üýtgemez, ýöne çarşenbe we şenbe günlerinde uçar paýtagtdan Kerkä gündiz sagat 12:00-da ýola düşer.

Şeýle özgertme Kerkiden Aşgabada ugraýan uçarlaryň wagtynda hem bar. Häzir Kerki Halkara howa menzilinden paýtagta uçarlar duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri gündiz sagat 12:00-da, şenbe güni bolsa 16:00-da ýola düşýän bolsa, indiki aýyň ilkinji gününden çarşenbe we şenbe günlerindäki uçuşlaryň wagty 14:00-a süýşüriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: