Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Indi «Windows 11»-ni ýükläp alsa bolýar

Jun 30, 2021

«Microsoft» korporasiýasy synag programmasyna gatnaşyjylar kompýuterlerine goýar ýaly «Windows 11»-iň beta-wersiýasyny resmi taýdan goýberdi, diýip «Российская газета» habar berýär.

Onda tanyşdyryşda aýdylan täze girizilenleri: ortada ýerleşdirilen «Пуск» menýusyny, wijetleri, ekranyň bezegini, görülýän temalary we beýlekileri görmek, sesleri eşitmek bolýar.

Täzelikleriň bir bölegi entek girizilmändir. Mysal üçin, ulgam programmalary öňküligine galdyrylypdyr, olary synagyň soňky döwürlerinde girizmek meýilleşdirilýär. Android-goşunda goýmak we işe girizmek mümkinçiligi hem ýok.

Durnuksyz işlemeginiň mümkindigini göz öňünde tutup, «Microsoft»-da «Windows 11»-i işde ulanylýan öňräk ýygnalan kompýuterlere goýmazlygy maslahat berýärler.