YLYM WE TEHNIKA

Indi «Windows 11»-i hemmeler internetden alyp bilerler

«Microsoft» korporasiýasy «Windows 11»-iň beta-görnüşini resmi taýdan görkezdi. Ony özüni «Windows Insider» synag programasynda bellige aldyranyndan soň islän adam göçürip alyp biler. Bu barada «Российская газета» ýazýar. «The Verge»-niň ýazmagyna görä, «Windows 11»-i goýmak üçin kompýuter sistema talaplaryny minimal talaplaryna laýyk gelmeli. Birinji beta-görnüşi işläp taýýarlaýjylar üçin niýetlenen öňki görnüşlerinden işde has durnuklulygy we ýalňyşlaryň sanynyň az bolmagy bilen tapawutlanýar. Ýöne kompaniýada personal kompýuterleriň durnukly işlejekdigine güwä geçmeýärler. Ondan başga-da, betada durnukly görnüşinden boljak käbir funksiýalar (mysal üçin, «Teams Chat») ýok.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: