YLYM WE TEHNIKA

Indi telefona simsiz zarýad berýän enjam bilen zarýad berip bolar

«Oppo» bazara simsiz zarýad berýän enjamy çykardy. Häzirlikçe ol Hytaýda çykarylýar. Bu hytaý kompaniýasynyň iň haýal, ýöne örän arzan enjamy. Bu barada «hi-tech.news» ýazýar.

«Oppo»-nyň täze zarýad berýän enjamy diske çalymdaş we bazarda diňe ak reňkde peýda bolar. «Wireless Charger 15W» diýen adyndan görnüşi ýaly, onuň kuwwaty 15 watta barabar. Şu sebäpli «Oppo»-nyň zarýad berýän enjamlarynyň arasynda iň arzany.

«Oppo Wireless Charger 15W» zarýad bermegiň Qi standartyny goldaýar. Şonuň üçin hem, ony simsiz zarýad alýan dürli enjamlara zarýad bermek üçin ulanyp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: