Indi «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde has köp akkumulýator öndürmäge mümkinçilik bar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň täze önümhanasy işe girizilip, önümçilik kuwwaty has-da artdyryldy.
Bu döwrebap önümçilik Hytaý Halk Respublikasynyň kuwwatly enjamlarynyň sazlaşykly işine daýanýar. Iki sany önümhanadan ybarat hususy önümçilikde tejribeli işçi-hünärmenleriň 200-den gowragy zähmet çekip, her aýda 10 müňden gowrak awtoulag akkumulýatory öndürilýär. Geljekde önümçiligi giňeltmek we kuwwatyny has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.
2014-nji ýylda esaslandyrylan hususy önümçilik Türkmenabat şäherinde ýerleşip, bu ýerde awtoulag akkumulýatorlarynyň kuwwatlylygy 60, 75, 90, 100, 190 hem-de 225 ampere deň bolan dürli görnüşleriniň önümçiligi üstünlikli alnyp barylýar.