TÜRKMENISTAN HABARLARY

Indi beýleki ýurtlara ýükleri mobil goşundysynyň üsti bilen iberip bolýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy özüniň gatnawlary bilen daşary ýurtlara iberilýän ýükleri mobil enjamlarynyň üsti bilen özbaşdak resmileşdirmek üçin onlaýn hyzmatlary ýola goýdy. Bu barada habar «turkmenportal.com» berýär.

Mobil goşundynyň täze wersiýasy «AppStore»-de we «Google Play»-de ýüklemek üçin elýeter.

Ibermekligi resmileşdirmek üçin ýüküň parametrlerini: iberilýän ýüküň görnüşini, tutýan ýeriniň sanyny, agramyny we gabarasynyň ölçegini girizmek ýeterlik.

Hyzmat Türkmenistandan Pekine (PEK), Bakgoka (BKK), Stambula (IST), Dubaýa (DXB), Maýndaky Frankfurta (FRA), Moskwa (DME), Almata (ALA) we Abu-Dabä (AUH) ýük ibermek üçin elýeter.

Ýükleri ugradyp bolýan we alyp bolýan ýurtlaryň sanawy bilen tanyşmak, şeýle hem «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýük daşamak we ugurdaş hyzmatlary barada doly maglumatlary kompaniýanyň resmi saýtyndan almak bolýar.