JEMGYÝET

Indi Aşgabat ― Awaza aralygynda her gün iki awtobus gatnar

25-nji iýundan başlap «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça ikinji gündelik gatnawyny ýola goýýar. Bu ýolagçylara meşhur türkmen şypahana künjegine syýahat etmek üçin has amatly wagta meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Bu
barada paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Täze gatnaw Aşgabatdan 06:30-da Halkara awtomenzilinden (A. Nyýazow şaýoly, 422) ugraýar, Awazadan bolsa 13:30-da («Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Ýelkenli köçesinde ýerleşýän awtoduralgadan) yzyna gaýdýar. Ozal awtobuslaryň gatnawy günde bir gezek amala aşyrylýardy.
Biletiň bahasy 75 manat bolar.