Şu gün ― 24-nji sentýabr Inçekesele garşy bütindünýä göreş günüdir. Lebap welaýat inçekesel hassahanasynyň lukmany «Türkmen gündogary» gazetinde çykyş edip, bu keseliň öňüni almak we bejermek babatynda käbir maslahatlar bilen ýüzlendi.
Lukmanyň ýazyşy ýaly, iki hepdeden uzak dowam edýän üsgülewük, bedeniň agramynyň kemelmegi, işdäniň peselmegi, ysgynsyzlyk, derlegenlik ýaly alamatlar ýüze çykan halatynda dessine maşgala lukmanyna ýüz tutmaly we zerur barlaglardan geçmeli.
Flýurografiki-rentgen hem-de bakteriologiki barlaglar keseli irki döwründe anyklamagyň iň ygtybarly usulydyr. Bu keseliň öňüni almak üçin ýaşaýan, işleýän jaýyňy arassa saklamaly, otagyň içini ýelejiredip durmaly, her gün çyg esgi we zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizlik işlerini geçirmeli.
Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin ýokumly iýmitleri, gök-bakja önümleri, miweleri kabul etmeli. Zyýanly endiklerden daşda durmaly. Wagtal-wagtal daşarda arassa howada gezelenç etmeli, beden maşklaryny ýerine ýetirmeli. Çagalarda öňüni alyş sanjymlarynyň tertibine laýyklykda BSŽ sanjymlarynyň geçirilmegi olary inçekeselden goramakda oňyn netije berýär.
