TARYH

Iň uzyn ekspozisiýa — kameranyň gabsasyny sekiz ýyl açyp saklap alnan surat

Britanyýanyň Hartfordşir uniwersiteteinde okan talyp gyzyň iň uzyn wyderžkaly — kameranyň gabsasyny sekiş ýyl gowrak açyp goýup surat aldy. Bu barada «mail.ru» habar berýär.
2012-nji ýylda Walkenberg okuwyny tamamlamagynyň öň ýanynda bankadan ýasalan fotoapparat bilen surat alyp başlady. Ony häzirki zamana degişli bolmadyk tehnologiýa bilen surat almak gyzyklandyrýardy.
Ol bankadan ýasalan kamerany uniwersitetiň obserwatoriýasynyň teleskoplarynyň birinde oturdypdyr we ony ýadyndan çykarypdyr. Diňe 2020-nji ýylyň sentýabrynda ony obserwatoriýanyň işgärleriniň biri tapypdyr.
Suratdaky yzlar — günüň 2943 gezekde galdyran yzy. Sekiz ýyl bir aýyň dowamynda gün şonça gezek dogupdyr we ýaşypdyr.
Ondan ozal iň uzak ekspozisiýa bilen alnan surat dört ýyl sekiz aýlap kamerasynyň gabsasyny açyp goýup surata düşüren nemes suratçysy Maýk Uizlä degişli. Onuň üçin uzyn ekspozisiýaly surata düşürmek — döredijilik usuly eken. Walkenberg bolsa ony tötänleýin düşüripdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply