DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Iň täsirli myhmanhana Alp dagynda ýerleşýär

Italiýanyň Alp daglarynyň 4554 metr belentliginde ýerleşýän bu täsin myhmanhana syýahatçylaryň iň köp gelýän ýerleriniň biridir.

Ýöne şeýle belentlige çykmak jahankeşdelerden aýratyn fiziki taýýarlygy talap edýär. “Margarita” diýlip atlandyrylýan bu myhmanhana 1893-nji ýylda gurlup, ilkibaşda gaýa çykyjylara düşlemek üçin niýetlenilipdir. Emma soňabaka ol myhmanhana hökmünde ulanylyp, adamlar ýörite dynç almak üçin bu ýere gelýärler.

Bu ýerde syýahatçylara wagtlaryny täsirli geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilendir.