SPORT WE SYÝAHAT

Iň ökde agyr atletikaçylar ýüze çykaryldy

Ýakynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdepde agyr atletika boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa Dänew, Çärjew etraplarynyň, Türkmenabat şäheriniň türgenleri gatnaşdylar.

Ýaryşyň jemi boýunça Türkmenabat şäheriniň toparynyň türgenleriniň 7-si baş baýraga mynasyp boldy. Olar Süleýman Jafarow, Ismailbek Islambaýew, Begenç Hemraýew, Jalil Raimberdiýew, Wiktoriýa Magdaseýewa, Mähri Erkinowa, Firuza Hudaýberdiýewa dagydyr. Şeýle-de Çärjew etrabyndan Ibragim Şaýmerdankulyýewiň tälim beren türgenlerinden Sangiza Bahtiýarowa, Atamurat Babajanow, Gänji Amangeldiýew öz agram derejesinde öňdeligi eýelediler. Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň agyr atletikaçylaryndan Mähriban Jumaýewa, Arzuw Batyrjanowa, Muhabat Jafarowa dagy hem üstünlikli çykyş edip, altyn medala eýe boldular.

Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: