DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Iň köp gazanýan aktýor

«Forbes» neşiri ýyllyk girdejileri boýunça iň köp gazanýan aktýorlaryň sanawyny düzdi. Sanawa giren 10 aktýoryň jemi ýyllyk girdejsii 545,5 million dollara barabar boldy.
Bassyr iki ýyl bäri sanawyň başyny Duen Jonson çekip gelýär. Ol soňky bir ýylda 87,5 million dollar gazanypdyr. Ikinji orundaky Raýan Reýnoldsyň girdejisi bolsa 71,5 million dollara ýetdi. Sanawyň üçünji ornundaky Mark Uolberg soňky bir ýylda 58 million dollar gazanypdyr.
Esasan Golliwudyň ýyldyzlaryndan ybarat sanawyň dördünji we bäşinji orunlaryny Ben Afflek (55 million dollar) bilen Win Dizel (54 million dollar) paýlaşýar. Sanawdaky ýeke-täk hindi aktýory Akşaý Kumaryň girdejisi 48,5 million dollara ýetipdir.
Şeýle hem:
― 7-nji orunda, Lin-Manuel Miranda, 45,5 million dollar;
― 8-nji orunda, Uill Smit, 44,5 million dollar;
― 9-njy orunda Adam Sendler, 41 million dollar;
― 10-njy orunda Jeki Çan, 40 million dollar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply