JEMGYÝET

Iň kiçi uçarlar

Dünýäde taryhda yz galdyrjak bolup jan edýän adamlar az däl. Amerikaly Robert Starr bilen Reý Stits hem şolaryň hatarynda. Olar iň kiçi uçarlary ýasandyklary bilen meşhurdyrlar.

Elbetde, kiçijik uçarlary ýygnamak isleýänler başga-da az däldi. Ýöne ilkini bolup düýnäde iň kiçisi diýlip Ginnesiň rekordlar Kitabyna Reý Stitsiň «Sky Baby» («Asman çagasy») diýlip atlandyrylan uçary girizildi. Inžener onuň taslamasyny 1950-nji ýyllarda taýýarlady. Bu biplanyň (iki ganatly uçaryň) uzynlygy bary-ýogy üç metre, ganatlarynyňky bolsa 2,8 metre barabardy. Onuň öz agramy 205 kilograma barabar bolup, ol 300 kilograma ýetirilende hem, asmana galmaga ukyplydy. Onda oturdylan 65 at güýçli hereketlendiriji bolsa uçaryň tizligini sagatda 290 kilometre çenli ýetirýärdi. Ýere düşjek wagty ol sagatda 96 kilometre çenli peselýärdi. Stits uçary öýünde ýygnady, synagdan geçirmek üçin bolsa tejribeli uçarman Robert Starry çagyrdy. Uçaryň kabinasy örän kiçi bolanlygy üçin, ony dolandyrmak üçin amatsyzlyklary döredýärdi. Hereketlendiriji uçarmanyň dyzyna degip diýen ýaly durýardy, pedal hem doly basylanda, kapota has ýakynlaşýardy. Ondan birnäçe santimetr aňyrda bolsa wint aýlanýardy.

«Sky Baby» 1952-nji ýylda Detroýtda geçirilen awiaşouda (uçarlaryň görkezilişinde) asmana galdy. Şondan soň Starr bilen Stits ABŞ-nyň ähli ştatlarynda bolup, uçaryň mümkinçiliklerini görkezdiler. Soňurak ony ýurduň Milli awiakosmos muzeýine berdiler. Şonda ol dünýäde iň kiçi uçar diýlip resmi taýdan yglan edildi.

Ýöne oňa bu ady uzak wagtlap götermek miýesser etmedi. Häzir «Sky Baby» kiçi uçarlaryň gurluşygynyň öňüni başlady diýip aýtmaga esas bar. Ol zehinli inženeriň arasyna tow düşmegine hem sebäp boldy. Bar abraýyny Stits alyp otyr diýip öýkelän Starr özüniň uçaryny ýasamagyň hem-de kärdeşinden ökde çykmagyň küýüne düşýär. Onuň üçin bolsa Stitsiňkiden kiçi uçar ýasamalydy. Bu oňa başartdy. Ol 1970-nji ýylda öz uçaryny gurdy we ony «Bumble Bee» («Perwana dek pyrlanýan bal arysy» diýen manyny berýär) diýip atlandyrdy. Ol, hakykatdan hem, Stitsiňkiden kiçi (uzynlygy 2,9 metr) boldy. Onuň ganatlaryny uzynlygy iki metre barabardy. Uçaryň tehniki häsiýetleri gowy bolup çykdy. Onuň tizligi sagatda 290 kilometre ýetdi, sagatda 130 kilometr tizlik bilen ýere gondy. Starr ony gurmak üçin 6 500 dollar harç etdi. Bu şol döwürdäki ortaça awtomobiliň bahasyndan ýokarydyr.

Ýöne birinji gezek görkezilişden soň ol bir gezek hem asmana galmady. Ony eýesi ilki bilen angara salyp goýdy, soňra bolsa Arizona Ştatynyň Tuson şäheriniň muzeýine berdi. Elbetde, «Bumble Bee» Ginnesiň rekordlar Kitabyna hem girizildi.

Reý Stitsiň ogly Donald Starryň kakasyndan öňe geçenini eşidip, öňdeligi onuň elinden almagy maksat edinýär. Ol 1980-nji ýylda özüniň garažynda monoplan (bir ganatly uçar) ýygnap başlaýar. «Baby Bird» («Guş çagasy») diýip atlandyran uçarynyň uzynlygy 3,4 metre barabar bolupdyr. Ýöne ýokarda ýerleşdiren ganatyny 1,9 metre çenli gysgaldypdyr. Öz agramy 115 kilograma barabar bolan uçar 225 kilograma çenli agram bilen ýerden galmagy başarypdyr. Ýöne Donald onuň tizligi babatynda öwnüp bilmändir. Ol zordan sagatda 170 kilometre ýetipdir.  Ol birnäçe ýylyň dowamynda 35 gezek uçurylypdyr. Häzir bolsa muzeýde «Sky Baby»-nyň ýanynda saklanylýar. «Baby Bird» öz döwrüniň dünýädäki iň kiçi uçary diýen ada mynasyp bolupdyr.

Robert Starr bu habary eşidenden soň, Stitsiň oglundan galmajak bolup, ýene bir uçar ýasaýar we ony «Bumble Bee II» diýip atlandyrýar. Bu biplanyň ganatlary 1,7 metre barabardy. Starr onuň tizligi sagatda 300 kilometre ýeter diýip çaklaýardy. Sebäbi onuň agramy 180 kilogramdy, hereketlendirijisi bolsa örän güýçlüdi. Ýöne bu gezek inženereňki çüwmedi. 1988-nji ýylda ol ilkinji uçuşda heläkçilige sezewar boldy. 120 metr belentlige galanda, onuň hereketlendirijisi işlemesini bes etdi we uçar kesek gaçan ýaly bolup, uşuç-gonuş zolagyna düşdi. Ýöne 64 ýaşly Starryň «hudaý» diýen ýeri bar eken. Şol beýiklikden gaçandygyna garamazdan, ol diri galýar. Şondan soň ol uzak wagtlap keselhanada ýatmaly bolýar.

Ginnesiň rekordlar Kitaby zehinli inženerleriň ikisiniň hem döreden zadyna mynasyp baha berdi. «Baby Bird» iň kiçi monoplan, «Bumble Bee II» bolsa iň kiçi biplan diýlip yglan edildi.

Internet maglumatlarynyň esasynda taýýarlan:

Nurýagdy Reýimow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň esasy hünärmeni. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: