Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde tennis boýunça turnir geçirildi. Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçirilen ýaryşlara şäheriň sport mekdeplerinde tälim alýan türgenler gatnaşdylar.
7 ýaşdan 18 ýaşa çenli bolan gyzlaryň 49-sy öz aralarynda 5 ýaş derejesinde birinjiligi almak ugrunda göreşdiler. 9 ýaşdan 18 ýaşa çenli tennisçi oglanlaryň 40-sy bolsa dört ýaş derejesinde oýnadylar.
Gyzlardan Daýana Şamuradowa, Darýa Lusaý, Ramina Abramowa, Nurana Agamyradowa we Aýgözel Arslanowa dagylar öz agram derejelerinde birinji orny eýelediler. Oglanlardan Aly Geldiýew, Maksat Hudaýkulyýew, Aziz Maşaripow we Mergen Arslanow dagylar has üstünlikli çykyş etdiler.
Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda Diplomlar we medallar bilen sylaglanyldy. Olar ýaryşyň mekdep okuwçylarynyň ýazky dynç alyş günlerinde Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşarlar.