JEMGYÝET

«Iň gowy gyzlar gurnagy» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşigine Türkmenabat şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar klublarynyň toparlary gatnaşdylar.

Gyzlar bäsleşigiň şertlerine görä, üme dessurlaryny ýerine ýetirýän pursatlary, ýurtda  alnyp barylýan beýik işleri, ýetilen guwandyryjy sepgitleri, milli el-işleriniň görnüşlerini, ýaşlaryň bagtyýar, nurana durmuşy baradaky ýürek buýsançlaryny goşgy setirleri, läleler, noý-noýlar arkaly beýan etdiler. Bu ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan sergide bolsa  haly, dokma, keçe önümleri, kämil el-işleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Şonuň ýaly-da, milli däp-dessurlara laýyklykda döwrebap türkmen saçagy taýýarlanyldy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Halaç etrabyndaky 13-nji  orta mekdebiň gyzlary birinji orna mynasyp boldular. Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň topary ikinji, Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 40-njy orta mekdebiň gyzlary bolsa üçünji orny eýelediler.

Ýeňijilere gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: