JEMGYÝET

«Iň göreldeli partiýa komiteti» belli edildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti tamamlanyp barýan ýylyň iň göreldeli partiýa komitetlerini aýan etdi.

Degişli görkezijileri laýyklykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komiteti «Ýylyň iň göreldeli partiýa komiteti» diýlip yglan edildi. Partiýanyň etrap komitetiniň işgärleriniň, agzalarynyň ýylyň tutuş dowamynda alyp baran işlerine ýokary baha berildi. Bu ugurda partiýanyň Saýat etrap komiteti ikinji, Türkmenabat şäher komiteti üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere welaýat komitetiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiň mugallymy Döwlet Sadow bolsa «Ýylyň iň göreldeli wagyzçysy» diýlip yglan edildi. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: