JEMGYÝET

Iň göreldeli lebaply telekeçiler mälim boldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen serginiň çäklerinde bu birleşme tarapyndan geçirilen «Ýylyň telekeçisi» bäsleşiginiň netijeleri hem yglan edildi. Bäsleşikde hususy taraplaryň soňky bir ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijesine baha berildi. Onuň ýeňijileriniň arasynda öz işlerini Lebap welaýatynda alyp barýan hususyýetçileriň hem birnäçesi bar.Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Eýýäm birnäçe ýyldan bäri Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen bilelikde dürli güýjenmedäki akkumulýatorlary öndürmek bilen meşgullanýan «Kökçi» hojalyk jemgyýeti bäsleşigiň «Ýylyň senagatçysy» ugry boýunça ýeňijileriniň biri boldy

Ekin meýdanlary Çärjew etrabynyň çäginde 1000 gektar çemesi giňişlige uzap ýatan «Tebigy ekin» daýhan hojalygy bäsleşigiň «Ýylyň oba hojalykçysy» ugry boýunça ýeňijileriň hataryna goşuldy.

Bäsleşikde paýtagtymyz we sebitler boýunça hem göreldeli hususyýetçiler yglan edildi. Lebap welaýaty boýunça ýylyň iň göreldeli hususyýetçisi diýlip «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Azat Joraýew yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: