SPORT WE SYÝAHAT

Iň ezber gandbolçylar kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebinde gandbol boýunça 2008 ― 2009-njy ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň we Dänew etrabynyň hersinden iki, Çärjew we Köýtendag etraplaryndan bolsa bir topar gatnaşdy.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda Türkmenabat şäheriniň birinji toparyna taý tapylmady. Ikinji orny Çärjew etrabynyň, üçünji orny bolsa Dänew etrabynyň birinji topary eýeledi.

Welaýat merkeziniň birinji topary gyzlaryň arasyndaky ýaryşda hem öňe saýlandy. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşdan tapawutlylykda bu gezek dänewli gandbolçylaryň birinji topary hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Türkmenabat şäheriniň ikinji topary öňdäkileriň üçlügini tamamlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: