Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Selbi Babalyýewa «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşigiň döwlet tapgyrynda birinji orna mynasyp boldy.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi bilelikde guradylar. Aşgabat şäherindäki medeni-işewürlik merkezinde geçen çärä Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 2—4-nji synplarynda okaýan, bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçy gyzlaryň on ikisi gatnaşdy. Olaryň ikisi lebaplydyr.

Gyzjagazlar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekde, milli lybaslary geýip, olary şahyrana sözler bilen wasp etmekde öz ukyplaryny görkezdiler. Şonuň ýaly-da, emin agzalarynyň gatnaşyjylaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda taýýarlan goşgularyny labyzly okadylar.

Selbi Saýat etrabyndaky 2-nji «Arçajyk» çagalar bagyna gatnan döwründe aýdym-saz bilen gyzyklanyp başlady. Mekdepde hem gyzyklanmasyny taşlamady. Ilkinji çagalar bagynda, soňra etrapda geçirilýän dabaralarda çykyş etdi. Şu ýyl «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: