YLYM WE TEHNIKA

Iň çylşyrymly maýyşgak çip

«ARM» kompaniýasyň wekilleriniň ýakynda işläp taýýarlan çipleri dünýäde ilkinji çylşyrymly maýyşgak çipler hasaplanylýar, diýip «mail.ru» ýazýar.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, düzümi plastiki esasdan ybarat bolan bu tehnologiýa geljekde elektronika dünýäsini üýtgeder. «Plastiс ARM» çipleri bu görnüşli öňki çiplerden çylşyrymlylygy boýunça tapawutlanýar. Olar 32 bitli prosessory, 128 baýtly operatiw ýady we 456 baýtly oturdylan ýady özünde saklaýarlar. Şeýle hem maýyşgak çipleri öndürmek üçin az harajat edilýär. Kompaniýa geljekde mundan hem kuwwatly maglumat göterijileri öndürmegiň üstünde işleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: