YLYM WE TEHNIKA

Iň arzan «iPhone SE+»-niň bahasy mälim edildi

«Display Supply Chain Consultants»-niň baş direktory Ross Ýang täze iň arzan «Apple» smartfonynyň çykarylyp başlanandygy baradaky maglumat bilen paýlaşdy. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

Gelip gowuşýan habarlara görä, aýfonyň öňki bezegi bolar, ýöne «içi» täzeleniler. Onuň öňündäki panelinde «Touch ID»-li 4,7 dýuýmli ŽK displeýiň boljakdygyna känbir ynam ýok. Ýöne bir zat welin belli: üns merkezinde onuň 5G çatylýandygy bolar.

«iPhone SE+ 5G» şol bir A15 çipsetde işlejek täze «iPad Air» bilen bilelikde goýberilip başlanar diýen çaklama bar.

Täze aýfonuň garaşylýan bahasy — 500 dollar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: