«Cirium» awiasiýa analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Stambulyň
2018-nji ýylda işe girizilen IGA howa menzili dünýäniň iň amatly gatnaw ugurly
howa menzili diýlip ykrar edildi. Bu howa menzilinden halkara gatnawlarynyň 309-sy ýerine ýetirilýär. Olaryň aglabasy «Turkish Airlines» awiakompaniýasy
tarapyndan amala aşyrylýar.
IGA-nyň amatly ýerde ýerleşmegi ondan islendik ugur boýunça uçuşlary ýerine
ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu howa menziliniň umumy meýdany 76,5
inedördül kilometre barabar bolup, onda dürli dükanlar, myhmanhanalar,
restoranlar, dynç alyş zolaklary we beýlekiler ýerleşýär. Howa menzili bir
wagtyň özünde 45-e çenli uçuşa we gonuşa hyzmat edip bilýär. Ol her ýylda 90
million ýolagçyny kabul edýär. Bu görkeziji 2035-nji ýylda 200 million ýolagça
ýeter.
Iň amatly howa menzili barada bilesiňiz gelýärmi?

06
Dec