Immunizasiýa hepdeligi başlaýar
Şu günler welaýatymyzyň saglyk merkezlerinde we öýlerinde Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Çäreleriň esasy maksady ilatyň arasynda öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şu ýyl Türkmenistanda immunizasiýa hepdeligi 28-nji aprelden 4-nji maý aralygynda geçiriler. Çärelerdäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, hepdeligiň dowamynda ähli saglyk öýlerinde öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti we zerurlygy barada maslahat bermek üçin telefon arkaly «Gyzgyn aragatnaşyklar» ýola goýulýar. Maslahat beriş otaglary açylyp, sanjymlaryň ähmiýeti ilata düşündirilýär. Immunizasiýa hepdeligi «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň möhüm ugurlary ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmakdan we raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmakdan ybaratdyr.
Keseliň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek bilen, diňe bir ýokanç keselleriň däl, eýsem, şol keselleriň netijesinde ýüze çykýan agyr gaýraüzülmeleriň hem öňüni alyp bolýar. Çagalara sanjymlar berkidilen saglyk öýünde edilýär. Çaganyň ýaşyna görä sanjymlar öz wagtynda doly we dogry edilse, netijesi has täsirli bolýar.
Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine laýyklykda ýurdumyzyň çäklerinde poliomielit, gökbogma, täjihoraz, bürme, gyzamyk, gyzylja ýaly ýokanç keseller ýok edildi. 1997-nji ýyldan bäri ýurdumyzda ýiti ysmaz poliomiýelitiň bellige alynmaýandygyny, 2002-nji ýylda bolsa BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan Türkmenistana poliomiýelitden azat ýurt hökmünde şahadatnamanyň gowşurylandygyny belläp geçmek gerek. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda çykaran buýrugy esasynda «Türkmenistanda çagalara geçirilýän öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine laýyklykda poliomiýelit keseline garşy IPW ikinji dozany girizmek barada» görkezmesi esasynda ýurdumyzda şu ýylyň ýanwar aýynyň başyndan 16 aýlyk çagalara IPW2 sanjymynyň geçirilip başlanandygy aýratyn bellärliklidir.
Aziza HATAMOWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň newropotolog lukmany.